Domů Podcasty Dünýä Türkmenleri
Dünýä Türkmenleri

Dünýä Türkmenleri

AÝ/AR 250 Epizody srp 31, 2025

Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly barada pikir alyşylýar. Şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we synlary söhbetdeşliklerde beýan edilýär. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.

Epizody

DT: 'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjy
DT: 'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjy srp 31, 2025 00:15:00 Biz geçen gepleşigimizde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň golaýda çapdan çykan täze edebi eserleri barada ýazyjynyň özi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Nobatdaky programmamyzda şol gürrüňdeşligiň ikinji bölümi diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy srp 24, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany täze edebi eserleriň awtory, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlige gönükdirilýär.
DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi srp 17, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany asly owganystanly etniki türkmenleriň bosgunlykda täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar.
DT: Tireparazlyk we ýerliçillik çekişmeleri halk bilen häkimiýetiň barlyşyk boşlugyny 'açyp görkezýär'
DT: Tireparazlyk we ýerliçillik çekişmeleri halk bilen häkimiýetiň barlyşyk boşlugyny 'açyp görkezýär' srp 10, 2025 00:15:00 Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany türkmen jemgyýetinde has-da aktuallaşan tireparaz we ýerliçil garaýyşlara ýakyndan syn etmäge synanyşýar.
DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet
DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet kvě 25, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany ýaňy-ýakynda Türkiýede ‘professor’ ylmy adyny alan asly türkmensähraly sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory Abdyrahman Düýeji bilen türkmenleriň ýaşaýyş medeniýeti barada geçirilen söhbetdeşligiň ikinji bölümini diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär.
DT: Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen ylym ýolunyň sepgitleri barada gürrüň berýär
DT: Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen ylym ýolunyň sepgitleri barada gürrüň berýär kvě 18, 2025 00:15:00
DT: 1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy?
DT: 1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy? kvě 11, 2025 00:15:00 Şu ýyl II Jahan urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şu tema gönükdirilýär.
DT: Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
DT: Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi kvě 4, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli erkin metbugatyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilýär.
DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar
DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar dub 20, 2025 00:15:00 Adam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär.
DT. Mekdeplerde okadylýan sapaklar hakyky durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli – synçy
DT. Mekdeplerde okadylýan sapaklar hakyky durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli – synçy dub 13, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany soňky täzelikleriň fonunda Türkmenistanyň bilim ulgamyna gaýtadan nazar aýlamaga synanyşýar.
DT: Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
DT: Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy? dub 6, 2025 00:15:00 Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasatdaky ornuna nazar aýalmaga çalyşýar.
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi bře 23, 2025 00:15:00 Şu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar.

Doporučené